Microsoft Windows 11-de “Ýalňyşlyklaryň gök ekranyny” gara reňk bilen çalyşýar
14.07.2025 | 15:30 |Microsoft Windows 11 ulanyjylary üçin täze görnüşdäki möhüm ýalňyşlyk ekranyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga başlady. Meşhur “Ýalňyşlyklaryň gök ekrany” (BSOD) indi gara reňkde bolar. Bu onuň daşky görnüşinde uly üýtgeşiklikleriň ilkinjisidir — Windows 8-de peýda bolan gamgyn smaýlikden bäri ilkinji gezek şeýle täzeleme girizilýär.
BSOD-yň täze görnüşi has ýönekeýleşdirilen görnüşde bolup, ondan öňki gamgyn smaýlik we QR-belgisi aýryldy. Ol häzirki wagtda Windows täzelenmeleriniň dowamynda peýda bolýan gara ekrany ýatladýar. Şol bir wagtyň özünde, onda ýalňyşlyk belgisi we bozuk draýweri baradaky möhüm maglumatlar saklanyp galýar.
Bu üýtgeşme eýýäm Windows 11 Release Preview wersiýasyndaky ulanyjylar üçin elýeterlidir we ýakyn hepdelerde ähli Windows 11 ulanyjylaryna ýaýramagy meýilleşdirilýär. Belläp geçmeli zat, 2021-nji ýylda Microsoft Windows 11-niň synag ýygyndylarynda gara ekran görnüşini gysga wagtda girizen bolsa-da, häzirki wagtda bu üýtgeşme hemişelik görnüşe eýe bolýar.
Täze görnüşdäki BSOD, şeýle hem kompýuterleriň işleýşini çalt dikeltmek üçin niýetlenen Microsoft Quick Machine Recovery (QMR) atly funksiýany hem öz içine alýan Windows 11 täzelenmesiniň bir bölegi bolup durýar.
ORIENT