TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaza we oba hojalyk önümlerine isleg bildirildi
12.07.2025 | 10:30 |11-nji iýulda, anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nebit-himiýa hem-de oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmen işewürleri “Azyksenagat” Döwlet birleşiginden arassalanmadyk çig maly – pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny we çökündisini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 419 958,00 ABŞ dollaryna we 4 500 000,00 manada barabar bolan jemi 5 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news