Ploýeştide geçirilen Aziýa medeniýetiniň festiwalynda Türkmenistan baý mirasyny görkezdi
10.07.2025 | 15:00 |9-njy iýulda Ploýeşti şäheriniň Medeniýet köşgünde gerimli Aziýa medeniýetiniň festiwaly geçirildi. Bu möhüm waka Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan Bangladeşiň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Filippinleriň diplomatik wekilhanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, şeýle hem Prahow žudesiň Söwda-senagat edarasynyň işjeň goldaw bermegi bilen geçirildi.
Festiwalyň hormatly myhmanlarynyň arasynda ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, tanymal jemgyýetçilik işgärleri, sebitiň ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bardy. Açylyş dabarasynda guramaçylaryň gutlag sözleri beýan edildi. Prahowyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti jenap Aurelian Goguleskunyň çykyşy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ol häzirki zaman dünýäsinde medeni dialogyň we halkara hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada belläp geçdi.
Festiwalyň maksatnamasy dürli çärelere baý boldy. Aziýanyň milli egin-eşikleriniň görkeziliş dabarasy aýratyn ajaýyp pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň stendi milli egin-eşikleriň özboluşly döwrebap kolleksiýasy bilen giň köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Adaty nagyşlaryň we häzirki zaman dizaýner çözgütleriniň sazlaşygy açylyp görkezildi.
Çäräniň çäklerinde ilçileriň Prahowyň dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen möhüm duşuşygy geçirildi. Diplomatlar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna üns çekdiler. Maksatnamanyň aýdym-saz bölegi tomaşaçylara milli eserleriň ýerine ýetirilmeginden ýatdan çykmajak duýgylary peşgeş berdi. Türkmen tarapy halkymyzyň aýdym-saz mirasynyň baý mazmunyny we özboluşlylygyny açyp görkezýän täsirli halk owazlaryny ýerine ýetirdi.
Festiwalyň merkezi elementi bolsa uly medeni sergisi boldy. Türkmenistanyň stendi aýratyn tapawutlanyp, gelen myhmanlara milli egin-eşikleri, ajaýyp el işleri önümleri, nepis haly önümleri, milli saz gurallary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri görkezildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki, şol sanda rumyn dilindäki eserleri aýratyn ýer eýeledi. Ilçihananyň işgärleri gelen myhmanlar bilen işjeň aragatnaşyk saklap, Türkmenistanyň baý taryhy, özboluşly medeniýeti we köpasyrlyk däp-dessurlary barada gürrüň bermek bilen, myhmanlary ýurdumyzyň baý medeni mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrdylar.
ORIENT