ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio RF-iň daşary işler ministri bilen duşuşar
10.07.2025 | 10:12 |ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmagy meýilleşdirýär. Duşuşyk 10-njy iýulda Malaýziýada geçiriljek ASEAN forumynyň çäreleriniň çäklerinde bolar diýip, RBC habar berýär.
Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa RBC neşirine bu maglumatlary tassyklady. “Duşuşygyň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar” – diýip, ol gürrüň berdi.
Mundan ozal Rubio we Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Olaryň şahsy duşuşygy ilkinji gezek fewral aýynda Er-Riýad şäherinde Russiýa bilen ABŞ-nyň gepleşikleriniň çäklerinde bolup geçdi.
ORIENT