Iň täze habarlar

Türkmenistanda “Telekeçiler mekdebi” atly şahadatnamalandyrylan okuwlara kabul edişlik başlandy

08.07.2025 | 09:15 |
 Türkmenistanda “Telekeçiler mekdebi” atly şahadatnamalandyrylan okuwlara kabul edişlik başlandy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” isleg bildirilýän ugurlar boýunça şahadatnamalandyrylan okuwlara kabul edişligiň başlandygy barada habar berýär.

Okuwlar hem Aşgabatda, hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýär. Maksatnama birnäçe hünärleri, şol sanda buhgalteriýa we maliýe hasabaty, buhgalteriýa hasaplamasy, işgärler iş önümçiligi we arhiw işi, şeýle hem telekeçilik pudagynda gümrük düzgünleşdirişiň esaslary ýaly ugurlary öz içine alýar.

Mundan başga-da, diňleýjilere aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar hödürlenilýär: ýolbelet-terjimeçi, gurluşykda elektron taheometrleriň we niwelirleriň ulanmagy bilen topografiýa, sanly marketing we sanly mahabat.

Okuwlar tamamlanadan soňra gatnaşyjylara degişli endikleri we bilimleri alandyklary barada ýörite şahadatnamalar berilýär.

Goşmaça maglumat üçin: +993 12 22-88-38.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: