“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
01.07.2025 | 11:07 |“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk şu gün, ýagny 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.
Bäsleşik emeli aň; robototehnika we awtomatizasiýa; “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary; akylly şäher; sanly lukmançylyk; elektron bilim; hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, taslamalar şu talaplara laýyk gelmeli:
wajyplygy we ornaşdyrmak mümkinçilikleri; aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyndaky täzeçiligi; ykdysady taýdan peýdalylygy; hili we ulanmak rahatlygy; dizaýn bezegi; kanunçylyga laýyk gelmegi; özboluşlylygy (göçürmä rugsat berilmeýär); programma üpjünçiligi üçin esaslandyryş kodlaryň bolmagy.
Bäsleşige ýekelikde ýa-da üç adama çenli düzülen toparlaýyn görnüşinde gatnaşmak bolýar. Bäsleşik ýaşlar üçin açykdyr. Gatnaşmak üçin aşakdakylary tabşyrmaly:
-
Gatnaşyjynyň ýa-da topar ýolbaşçysynyň arzasy
-
Gatnaşyjylaryň pasport nusgalary
-
Teklip edilýän taslamanyň mazmuny
“Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga, şeýle hem milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylşyny ösdürmäge gönükdirilendir.
2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan – 1-nji oktýabryna çenli bäsleşige gatnaşmak isleýänler özüniň taslamalaryny elektron görnüşinde “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm resmi saýty arkaly tabşyryp bilerler. Hödürlenen oýlap tapyşlar we işläp taýýarlamalar täzeçiligi, amaly ähmiýeti we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak mümkinçiligi boýunça bahalandyrylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri “Türkmentel-2025” XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143) geçiriler.
ORIENT