Iň täze habarlar

Hypergrid: Tehas dünýä energetika we emeli aň maglumatlary merkezini döredýär

29.06.2025 | 18:58 |
 Hypergrid: Tehas dünýä energetika we emeli aň maglumatlary merkezini döredýär

Tehas ştatynda dünýäniñ iň iri energetika we sanly maglumatlary işläp taýýarlamak merkezi — Hypergrid taslamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Takmynan 6 müň akr meýdany eýeleýän bu giň möçberli toplum 8 milliondan gowrak öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler, onuň ähli kuwwaty bolsa emeli aň ulgamlary üçin serwerleriň işini üpjün etmäge gönükdiriler. Taslamanyň gurluşygyna 4-nji iýulda başlamak meýilleşdirilýär.

1

Taslamany ozalky ştat gubernatory we öňki energetika ministri Rik Peri tarapyndan esaslandyrylan Fermi America kompaniýasy, Tehas tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýär. Şeýle uly kuwwaty (emeli aň serwerlerini üpjün etmek üçin 1,7 million inedördül metre barabar meýdan) üpjün etmek üçin dürli energiýa çeşmeleri ulanylar: gün panelleri, ýel desgalary, gaz turbina generatory we ýadro tehnologiýalary. Toplumyň umumy energetiki kuwwaty 11 gigawatta ýetip, uly sebiti energiýa bilen üpjün etmäge ukyply bolar.

2

Hypergrid taslamasy ähli zerur infrastrukturalary birleşdirýän özboluşly integrirlenen merkez hökmünde göz öňünde tutulýar: täze nesil atom reaktorlary, ýurduň iň uly tebigy ýangyç bilen işleýän stansiýasy, fotoelektrik ulgamlary, energiýa saklaýjylary hem-de esasy elektrik ulgamy bilen gönüden-göni birleşdirme mümkinçilikleri.

Ilkinji gigawaty 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Ýadro energetikasynyň çalt liberallaşdyrylmagy baradaky jedeller we mümkin bolan ýokary çykdajylara garamazdan, taslamanyň tarapdarlary ony ABŞ-nyň milli energetikasyny pugtalandyrmak we tehnologiýa öñdebaryjylygy üçin örän möhüm hasaplaýarlar.

ORIENT

Foto: Fermi America/Texas Tech University/Recraft

Şeýle hem okaň: