Hökümet mejlisi – esasy temalar we kararlar | Syn
28.06.2025 | 04:52 |Anna güni, Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Esasy üns merkezinde – kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, bilimi, senagaty, oba hojalygy ösdürmek, ynsanperwer işler we ýubileý dabaralaryna taýýarlyklar boldy.
Kanunçylygy kämilleşdirmek we halkara parlament hyzmatdaşlygy
Ilki bilen Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, parlamentiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem gün tertibine – Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy, Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek, içeri işler edaralary hakynda kanunlarynyň taslamalary giriziler.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi. Mejlisiň wekilleri döwlet edaralary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.
Ýokary bilimiň ösüşi we täze ýokary okuw mekdepbiniň döredilmegi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bitewi döwlet sanawyna täze ugurlary girizmek teklip edildi – “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi”
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew telekeçilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2028-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäginde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda resminamalar taýýarlanyldy we bu resminamalar ýurduň Prezidentiniň Permany bilen tassyklandy.
Energetika, oba hojalygy we tebigy serişdeler
Wise-premýer Batyr Amanow gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Häzirki zaman göçme buraw desgalary ulanylýar. Bu bolsa metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Galla hasylyny ýygnap almak we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar işleri alnyp barylýar, Lebap welaýatynda şaly ekiş möwsümi dowam edýär, gowaça ekilen meýdanlarda we gant şugundyry ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda işler ýerine ýetirilýär.
Maldarçylyk ösdürilýär we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Medeni başlangyçlar we şanly senelere taýýarlyk
Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Aşgabady abadanlaşdyrmak we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Balkan welaýatynda 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi şeýle hem döwlet Baştutanyny hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bilim – hil we halkara standartlary
Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Okuwyň hiline baha bermäge we geljegi uly ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýän Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi eýýäm halkara reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelediler.
Ynsanperwer diplomatiýa we halkara hyzmatdaşlygy
Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. 1994-nji ýyldan bäri Türkmenistan BMG bilen bilelikde 333 sany milli hem-de sebit taslamalary durmuşa geçirdi.
Goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Türkmenistan daşary ýurt raýatlary üçin üstaşyr geçelgeleri döretmek ýaly ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär.
Häzirki wagta çenli şol geçelgelerden Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlarynyň 4 müň 640 gowragy geçdi.
Türkmenistan BMG, Halkara Migrasiýa Guramasy Halkara Gyzyl Haç komiteti we Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti ýaly halkara guramalarn bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Bu ugurda tagallary utgaşdyrmak maksady bilen 28-nji iýunda “tegelek stol” maslahatyny we 29-njy iýunda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek meýilleşdirilýär.
Awiasiýa pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew “Türkmenhowaýollary” agentliginiň mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan ozal berlen güwänama barada hasabat berdi. Bu bolsa hünärmenlere halkara derejesinde bilim bermäge mümkinçilik berýärю
Bu resminamanyň esasynda, şu ýyl ICAO-nyň goldawy bilen birnäçe ugurlar boýunça okuwlary ýola goýmagy meýilleşdirilýär.
Kabul edilen çözgütler
Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we degişli ýolbaşçylara gözegçilik edýän ulgamlaryny ösdürmek boýunça görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmagy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň binýadynda okuwlary guramaklygy, täze uniwersiteti döredilmegini şeýle hem 2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek baradaky teklibi makullady.
ORIENT