Iň täze habarlar

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döredildi

28.06.2025 | 00:34 |
 Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany ýurtda täze ýokary okuw mekdebi – Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döredilýär. Uniwersitetiň esasy maksady – ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak, telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek.

Şunuň bilen baglylykda täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli kararlar kabul edildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Hydyrguly Kadyrow, şol uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Aýmyrat Muhammedow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Handurdy Handurdyýew dagylar başga işe geçmekleri sebäpli wezipelerinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň degişli Karary bilen üçüsi hem täze ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümine bellenildi. Hydyrguly Kadyrow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory, Aýmyrat Muhammedow ylmy işler boýunça prorektory, Handurdy Handurdyýew bolsa okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Prezidentiň Permany bilen täze okuw mekdebine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyny we sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlary, hünärmenleri bellenen tertipde çagyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutýan birnäçe guramaçylyk çärelerini tassyklady.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: