Iň täze habarlar

Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde baýramçylyk çäresi

29.06.2025 | 17:40 |
 Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde baýramçylyk çäresi

26-njy iýunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi.

Arkadag şäheri sebitiň özboluşly “akylly” şäheri bolup, ol ähli ugurlarda çalt depginde ösdürilýär. Arkadag şäherindäki her bir binada ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary ornaşdyrylandyr, bu bolsa ýaşlara ýokary hilli bilim almak we isleg bildirilýän hünärleri ele almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

“Arkadag şäheri – bagtyýarlyk şäheri” atly baýramçylyk çäresi okuwçylaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Olaryň çykyşlary gatnaşanlaryň kalbyny şäheriň üstünliklerine buýsanç duýgusy bilen doldurdy. Talyplar we ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar bolsa ähli gatnaşyjylara hakyky lezzet paýlady.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: