Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
28.06.2025 | 14:38 |Türkmenistanda döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde hödürlemek ulgamy çalt depginde ösýär. Häzirki wagtda Bitewi Döwlet hyzmatlary portaly — e.gov.tm arkaly takmynan 150 dürli döwlet hyzmatyndan onlaýn peýdalanmak mümkinçiligi bar.
Portal arkaly ýurdumyzyň ýaşaýjylary aşakdaky ugurlar boýunça uzak aralykdan hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler: aragatnaşyk; bilim; saglygy goraýyş; pasport resminamalarynyň taýýarlanylmagy; ulag, logistika we gümrük hyzmatlary; jemagat hyzmatlary; ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamy; hukuk kömegi; maşgala we çagalar; iş üpjünçiligi; mahabat hyzmatlary; ygtyýarnama (lisenziýalaşdyrma); sport we medeniýet; milli elektron aragatnaşyk ulgamlarynyň döwlet sanawy; kazyýet ulgamynyň onlaýn hyzmatlary.
Her bir bölüm öz tematikasyna laýyklykda birnäçe hyzmatlary birleşdirýär, bu bolsa raýatlara we guramalara resminamalaryň, kepilnamalaryň, şahadatnamalaryň resmileşdirilmeginden başlap, dürli maglumatlaryň we maglumatnamalaryň alyş-çalyşyna çenli meseleleri uzak aralykdan çözmäge mümkinçilik berýär.
e.gov.tm portaly döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we olaryň has aňsat görnüşde alynmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.