Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

29.06.2025 | 01:32 |
 Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň öňüsyrasynda geçirildi, bu bolsa sapara aýratyn mazmun berdi.

Myhman döwlet Baştutanyny Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, hususan-da nebitgaz we himiýa senagatynda üstünlikli alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak baradaky taslama aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutany muny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlangyjy diýip atlandyrdy hem-de bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür öz gezeginde Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikleri belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

ORIENT

Foto: daewooenc.com

Şeýle hem okaň: