SpaceX dünýäde ilkinji kwant hemra kompýuterini äleme uçurdy
27.06.2025 | 17:12 |Adamzat taryhynda ilkinji gezek kwant kompýuteri äleme uçuryldy. Aýakgap gutusynyň ululygyndaky bu ykjam enjam, SpaceX kompaniýasynyň Transporter-14 missiýasynyň çäklerinde orbitada ýerleşdirildi. Ol Ýeriň ýüzünden takmynan 550 km beýiklikde işlär we bir hepdäniň dowamynda ilkinji signalyñ iberip başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu waka täze nesil hasaplaýyş tehnologiýalarynyň döredilmegine ýol açýar.
Bu ädim ulgamyñ esasynda duran foton tehnologiýasy arkaly mümkin boldy. Bu ulgamda elektronlaryň ýerine çylşyrymly ýagdaýa düşürilen ýagtylyk bölejikleri ulanylýar. Kompýuteriň içinde kremniden ýasalan tolkun geçiriji çip ýerleşdirilen. Laser impulslary optiki elementleriň üsti bilen geçip, analog görnüşinde takyk manipulýasiýalara sezewar edilýär. Bu bolsa ýokary hasaplaýyş tizligini we päsgelçiliklere durnuklylygy üpjün edýär. Enjamyň kosmosyň kyn şertlerinde ygtybarly işlemegi üçin onuň korpusy passiw termoizolýasiýa bilen üpjün edilen, prosessor bolsa amortizirleme gatlakly germetik gapda ýerleşdirilen. Şeýle hem ol radiasiýa we titremelere garşy üstünlikli synagdan geçirildi. Enjam gün panelleri arkaly energiýa bilen üpjün edilýär.
Bu kosmos kwant kompýuteriniň esasy artykmaçlygy – maglumatlary göni ýerleşýän ýerinde işläp bilmek ukyby. Bu, mysal üçin, hemra ýangyn ýa-da ýer ýüzündäki adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykaran ýagdaýynda, maglumatlaryň ýer ýüzüne iberilmezden derrew seljeriljekdigini aňladýar. Şeýle usul gijä galmalary azaldýar, energiýany tygşytlaýar we bökdençsiz netijeleri üpjün edýär. Bu bolsa howa ýagdaýyna gözegçilik etmek, betbagtçylykly hadysalary yzarlamak we hapalanmalary derňemek ýaly wagtyň örän möhümdigi bolan ugurlarda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Taslama, Wenanyň Uniwersitetiniň alymlary tarapyndan, Germaniýaly inženerleriň goldawy bilen durmuşa geçirildi. Bu uçuş diňe bir aýratyn synag bolman, eýsem giň gerimli maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Onuň maksady — foton shemasynyň açyk kosmos şertlerinde işleýşini ilkinji gezek barlamak. Missiýanyň üstünlikli geçmegi, orbitadaky kwant ulgamlary we hasaplaýyş stansiýalarynyň geljegi baradaky möhüm netijeleri çykarmaga mümkinçilik berer we planetamyzyň daşyndaky maglumatlary işlemekde düýpli özgerişliklere ýol açyp biler.
ORIENT