Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Aziýa ýurtlarynyň işleri boýunça departamentiniň başlygy bilen duşuşdy
29.06.2025 | 20:58 |29-njy iýunda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Aziýa ýurtlarynyň işleri boýunça departamentiniň başlygy hanym Al Jowhara Yousef Fahro bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem-de mähriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.
Şeýle hem duşuşykda, ikitaplaýyn alynyp barylýan syýasy we medeni-gumanitar gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmagyň ýollary hem-de awgust aýynda Hazar deňzindäki Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň Deňze çyklagasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna Katar tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümi barada maslahatlaşyldy.
ORIENT