Türkmen ussatlary Aktau şäherinde geçirilýän halkara senetçilik festiwalyna gatnaşýarlar
28.06.2025 | 14:08 |Şu gün, 28-nji iýunda, Gazagystanyň Aktau şäherinde «Dalamen ündes baba sungaty» atly halkara senetçilik festiwaly başlandy. Bu festiwal dürli ýurtlardan gelen ussatlary we myhmanlary bir ýere jemledi.
Lada.kz saýtynyñ habar bermegine görä, festiwala gatnaşýanlaryň arasynda türkmen ussatlary hem bar. Olar özleriniň milli senetçilik sungatyny Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen kärdeşleri bilen bilelikde görkezýärler.
Mundan başga-da, festiwala Wengriýadan, Türkiýeden, Başgyrdystandan, Mongoliýadan gelen zergärler we modelýerler, şeýle-de Kalmykiýadan, Tuwadan we Çuwaşiýadan gelen ussatlar gatnaşýarlar.
Gündizki wagtlarda senetçilik we zergärçilik önümleriniň ýarmarkasy, ussatlyk sapaklary geçirilýär. Agşam bolsa egin-eşik kolleksiýalarynyň sergisi meýilleşdirilýär.
Festiwal ertir, 29-njy iýunda agşam tamamlanar. Türkmen ussatlarynyň gatnaşmagy baý medeni mirasy açyp görkezýär we ýurtlaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.