Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar

29.06.2025 | 00:08 |
 Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Günüň esasy wakasy, Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy danynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy. Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysy Çon Kapkil degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşuryp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň sporty dünýäde giňden wagyz etmekde bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda bitiren hyzmatlaryny belledi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu belent sylagy ähli türkmen taekwondçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy we sportyň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigini belledi. Işewür wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň strategiki ugry nygtaldy.

Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Arkadag şäherinde Medisina klasterini döretmäge gatnaşmagyna aýratyn üns berildi we öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi tassyklandy. Uly senagat taslamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyp, taraplar innowasiýa pudagynda täze bilelikdäki başlangyçlara garadylar.

Şeýlelik bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň iş güni ýurduň ösüşiniň köp ugruly häsiýetini görkezdi: ösen tehnologiýalardan we gurluşyga maýa goýumlaryndan sport we medeniýet pudagynda halkara hyzmatdaşlyga çenli.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: