Iň täze habarlar

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi

18.06.2025 | 16:00 |
 Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi

17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi.

Saparyň esasy wakasy hökmünde uniwersitete Nippon Foundation gaznasynyň adyndan iňlis dilindäki onlarça tanyşdyryş kitabyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy boldy. Bu neşirler okaýjylary Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty bilen tanyşdyrýar we häzirki wagtda uniwersitetiň kitaphanasynda hem-de okalga zalynda talyplar we mugallymlar üçin elýeterlidir. Uniwersitetiň rektory bu gymmatly sowgatlar üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň talyplaryň dünýä garaýşyny giňeltmekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Saparyň çäginde ilçi Hirosi Sasaki uniwersitetiň kitaphanasyna, okalga zallaryna, Geologiýa muzeýine we DRILL SIM-5000 buraw synag barlagjanasyna hem baryp gördi. Ol uniwersitete baryp görmäge we onuň infrastrukturasy bilen ýakyndan tanyşmaga berilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: