Iň täze habarlar

Türkmenabatda täze önümçilik toplumynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär

17.06.2025 | 15:00 |
 Türkmenabatda täze önümçilik toplumynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär

Şu günler Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýene bir täze önümçilik toplumynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy zawodyň çäklerinde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumy gurar. Döwrebap toplumyň düýbüni tutmak işlerine görülýän taýýarlyk işleri koreýaly hünärmenler bilen bilelikde alnyp barylýar.

Zawodyň 2025-nji ýylda-da oba hojalyk ekinlerini dökün bilen bol mukdarda üpjün etmäge mynasyp goşant goşýandygyny bellemek gerek. Şu ýyl bu ýerde öndürilen mineral dökünler 11 müň 300 tonna golaýlady. Şonuň 5,2 müň tonnasy azotly, 6 müň tonnadan gowragy fosforly dökünlerdir.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: