Türkmenistan özbek almalarynyñ iñ iri import edijileriniñ üçlügine girdi
16.06.2025 | 13:10 |2025-nji ýylyñ ilkinji dört aýy boýunça Özbegistan alma eksportyny ep-esli derejede ýokarlandyryp, 3 mln dollar möçbere ýetdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyñ Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär.
Ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli dașary ýurda 4 727 tonna alma ugradyldy, esasy satuw bazarlary bolsa GDA ýurtlary boldy. Özbek almalarynyñ import möçberleri boýunça üçünji ýeri Türkmenistan eýeläp, ol bu önümiñ 167 tonnasyny satyn aldy.
Eksport möçberiniñ köp bölegi aşakdaky ýurtlara düşdi:
Russiýa — 2 840 tonna,
Gazagystan — 1 564 tonna,
Türkmenistan — 167 tonna,
Gyrgyzystan — 102 tonna,
beýleki ýurtlar — 54 tonna.