Starlink hemra interneti Gazagystanda şu ýyl resmi ýagdaýda işläp başlar
13.06.2025 | 15:30 |Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi hem-de Starlink kompaniýasy (Ilon Maskyñ SpaceX kompaniýasynyñ taslamasy) Gazagystanda hemra internetini hödürlemek barada ylalaşyk baglaşdylar. Tengrinews.kz saýtynyñ habar berşi ýaly, şu günki güne çenli Starlink Gazagystanda synag ýagdaýda işledilip, internet birikmesini diñe mekdeplerde hödürläp bilýärdi. Ilat üçin ol resmi ýagdaýda elýeterli däldi.
"Ahyrynda biz ylalaşyga ýetdik: kompaniýa maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk babatda biziñ kanunçylygymyzyñ ähli talaplaryny berjaý etmäge razy boldy. Şu ýyl olar ähli zerur bolan çäreleri durmuşa geçirerler, we biziñ raýatlarymyz resmi hem-de kanuny ýagdaýda hemra internetine birigip bilerler" - diýip, çeşme sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministri Žaslan Madiýewiñ sözlerini getirýär.
Gazagystanda Starlink enjamlaryñ satuwlary 2025-nji ýylyñ üçünji çärýegine meýilleşdirildi. Taslama uzak aralykda ýerleşýän barmasy kyn bolan ilatly nokatlaryñ ýokary tizlikli internet birikmelerine gönükdirilen. Bu ýerlerde optik süýümli liniýalaryñ çekilmegi ykdysady ýa-da tehniki taýdan mümkin däl. Gürrüñ öri meýdanlar, daglykdaky obalar, uzakdaky kärhanalar we pes sanly elýeterliligi bolan beýleki ýerler baradadyr. Starlink-iñ internet birikmesi oba mekdepleri, saglygy goraýyş edaralary, mobil toparlar we infrastruktura desgalary üçin elýeterli bolar.
Starlink bu Ilon Maska degişli SpaceX kompaniýasy tarapyndan işläp düzülen global hemra internet ulgamydyr. Ol pes orbital hemralaryñ müñlerçesinden ybarat bolan tory ulanýar. Bu hemralar optik süýümli liniýalaryñ çekilmegi ykdysady ýa-da tehniki taýdan mümkin bolmadyk iñ uzakdaky we barmasy kyn bolan sebitlerde ýokary tizlikli internet birikmesini üpjün edýärler. Adaty hemra internetinden tapawutlylykda, Starlink pes orbitalarda (550 km golaý) işleýär. Bu hem pes saklamalary (ping) berip, oba ýerlerinde durnukly wideo aragatnaşygy, strimingi we onlaýn işleýşi mümkin edýär.