Üýtgeýän gatylykly çeýe elektronika üçin uýgunlaşýan syýa döredildi
05.06.2025 | 15:00 |KAIST we Seulyñ Milli Uniwersitetiniň inženerleri gatylygyny sazlap bolýan çeýe shemalary çap etmäge mümkinçilik berýän elektron syýa taýýarladylar. Bu innowasiýa enjamyň ulanyş şertlerine baglylykda – plastmas ýaly berkden, rezin ýaly çeýe görnüşe geçip bilýän – mehaniki häsiýetlerini üýtgedip bilýän enjamlaryň döredilmegine ýol açýar.
Taslamanyň esasy aýratynlygy – adam bedeniniň temperaturasyna golaý derejede ereýän metal bolan galliniň ulanylmagydyr. Alymlar galliniñ mikro bölejikleri poliuretan bilen garyşdyryp, ýörite syýa döretdiler. Gyzdyrlanda, bu syýa elektrik geçirijilik ukyby bolan we gatylygyny üýtgedip bilýän torlary emele getirýär.
Bu tehnologiýa gorag maksady bilen berk bolup bilýän, soň bolsa ulanyş aňsatlygyny ýa-da beden bilen utgaşmagy üpjün etmek üçin ýumşap bilýän elektronikalary döretmäge mümkinçilik berýär. Mysal hökmünde göçme enjam bolup işläp bilýän, soňra bolsa göteriji lukmançylyk gurallaryna öwrülýän köpugurly enjamlary hem-de ornaşdyrylanda berk bolýan, soň bolsa beýni dokumasynda ýumşap bilýän nerw zondlaryny görkezmek bolar. Bu açyş geljekki funksional elektronika, lukmançylyk we robototehnika üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.