Aşgabatda hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi
02.06.2025 | 20:05 |Şu gün Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi.
Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle-de ministrlikleriň we medeniýet edaralarynyň işgärleri bardy.
Konsertiň açylyşynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol türkmen tarapyna hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, konsertiň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda yglan edilen “2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanandygyny nygtady. Ilçi şeýle hem hindi toparynyň Awazada geçiriljek Halk tanslary festiwalyna hem gatnaşjakdygyny aýdyp, bu medeni çäreleriň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrjakdygyna umyt bildirdi.
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde Hindistandan gelen topar çykyş etdi. Konsert maksatnamasyna halk tanslary, şeýle-de hindi kinolaryndan alnan meşhur saz eserleri girizildi. Konsert däp bolan “Ganeş Wandana” tansy bilen başlandy. Rajastandan gelen “Ghumar” tansy hem-de pendžab stilindäki çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Wokalist Winod hindi kino sungatyndan dürli onýyllyklary öz içine alýan meşhur aýdymlary ýerine ýetirdi, olar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Bu çäre hindi medeniýetiniň baýlygyny we köpdürliligini görkezdi hem-de türkmen tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi.