Iň täze habarlar

Bu tomusda türkmenistanlylar nirede dynç alyp bilerler: möwsümiň meşhur ugurlary

02.06.2025 | 18:15 |
 Bu tomusda türkmenistanlylar nirede dynç alyp bilerler: möwsümiň meşhur ugurlary

Tomsyň başlanmagy bilen türkmen syýahatçylarynyň daşary ýurtlara syýahata gitmek islegi artýar. Le.Travel syýahat agentliginiň wekilleriniň bellemegine görä, Türkmenistanda dynç alşy meşhur ugurlardan başlap, az tanalýan ugurlara çenli daşary ýurtlarda geçirmek isleýän syýahatçylaryň sany ýylsaýyn köpelýär.

Tomus möwsüminde iň köp isleg bildirilýän ugurlaryň arasynda Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bar. Türkmenistanyň syýahatçylary häzirki wagtda Taýlandy, Wýetnamy, Malaýziýany we Bali adasyny ýygy-ýygydan saýlaýarlar. Ýumşak howasy, baý tebigaty we ýokary hilli hyzmatlary bu ýurtlary ýylyň islendik wagtynda, aýratyn-da tomusda, dynç almak üçin özüne çekiji edýär.

Adaty bolşy ýaly, Türkiýe hem öz meşhurlygyny ýitirmeýär — bu ýurt amatly logistikasy, myhmanhanalaryň giň saýlawy we deňiz dynç alşyny ekskursiýa maksatnamalary bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýänligi sebäpli türkmenistanlylaryň iň köp saýlaýan ugurlarynyň hatarynda galýar.

Medeniýet bilen baglanyşykly syýahatlary halaýanlar üçin bolsa Italiýa, Eýran, Özbegistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlara saparlar has ýygy-ýygydan guralýar — bu ýurtlarda binagärlik ýadygärlikleri we ýerli aşhana bilen tanyşdyrylýan baý maksatnamalar hödürlenýär.

“Biz syýahatçylaryň has manyly dynç alyşa ymtylýandygyny synlaýarys — bu maşgala dynç alyş bolsun, bal aýy ýa-da diňe gündelik durmuşy üýtgetmek islegi bolsun. Biziň maksadymyz — diňe bir syýahatçylyk ugry hödürlemekden däl-de, eýsem täsirli we ýatda galyjy syýahat döredip bermekden ybarat” - diýip, Le.Travel agentligi belleýär.

Dynç alyşyny golaýda meýilleşdirýänler üçin syýahatçylyk operatory öňünden sargyt etmäge maslahat berýär: tomus möwsümi gyzgalaňly döwürdir we köp ugurlara isleg durnukly ýokary ýagdaýda. Häzirki wagtda Wýetnama toparlar jemlenýär — 17–26-njy iýun, 1–10-njy hem-de 15–24-nji iýul seneleri üçin. Syýahatçylyk ugry barada giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Le.Travel — ýokarda agzalan ýurtlara toparlaýyn we şahsy syýahatçylar üçin syýahat bukjalaryny hödürleýän kompaniýadyr. Agentlik wiza goldawyny üpjün edýär, amatly uçar gatnawlaryny saýlamaga kömek edýär, hem-de syýahatçylara saparyň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn syýahat hyzmatlaryny hödürleýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Telefon belgisi: (+99363)17-55-57

Sosial ulgamlar

TikTok: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

ORIENT

Foto: Aviata.kz

Şeýle hem okaň: