Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli tigirli ýöriş gurady

04.06.2025|04:30|
803
turkmenistanyn-eyrandaky-bas-konsullygy-butindunya-welosiped-guni-mynasybetli-tigirli-yoris-gurady
Surat çeşmesi: Türkmenistanyň EYR-daky (Maşat ş.) Baş konsullygy tarapyndan berlen

3-nji iýunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Muzaffari Golamhosseiniň Maşat şäheriniň häkimi Muhammadreza Galandaryň, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň, şeýle hem Türkmenistanyň EYR-daky (Maşat ş.) Baş konsullygynyň we Maşat şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmaklarynda welosiped ýörişi geçirildi.

1

Uzaklygy 4 km bolan bu ýörişe Maşat şäheriniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de şäheriň ýaşaýjylary hem işjeň gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sport ulgamyndaky öňe sürýän başlangyçlarynyň bütin dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine, sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine hem-de oňa ýaşlaryň giňden çekilmegine şeýle-de welosiped sürmegi köpçülikleýin wagyz etmäge we onuň daşky gurşawy gorap saklamaga oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler.

2

Welosiped ýörişiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

3

ORIENT