TurkmenTextile Expo-2025: Dünýäniň we Türkmenistanyň modasy — bir sahnada
01.06.2025 | 22:58 |Merkezi Aziýada moda we dokma önümleri baradaky düşünjeleriňizi üýtgetjek waka taýyn boluň! 2025-nji ýylyň 11–13-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde dünýäniň iň gowy dizaýnerlerini, brendlerini we bilermenlerini jemleýän ajaýyp sergi — TurkmenTextile Expo-2025 geçiriler. Bu diňe sergi däl — bu Gündogar bilen Günbataryň, däp-dessur bilen innowasiýanyň arasynda gurlan medeni we döredijilik köprüsidir.
Näme üçin bu möhüm?
Bu meýdançada dünýä belli dizaýnerler öz kolleksiýalary bilen çykyş edip, ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşarlar. Ilkinji gezek zehinli türkmen dizaýnerleri podiumy italiýaly dizaýner Marianna Miçeli, britaniýaly ussat Omar Mansur we singapurly modelýer Heýden Ng ýaly ady belli ussatlar bilen paýlaşarlar. Bu, dünýäniň täze tendensiýalarynyň Türkmenistanyň özboluşly medeniýeti bilen utgaşyp, täsin çözgütleri döredýän pursatyny görmäge mümkinçilikdir.
Sizi nämeler garaşýar?
• Ajaýyp halkara moda görkezilşi: dünýä podiumlarynyň iň gowy kolleksiýalary, ylham beriji pikirler we täze tendensiýalar.
• Tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk: öňdebaryjy bilermenler we dizaýnerler bilen gatnaşyk gurmak mümkinçiligi.
• Medeni aralaşma: ajaýyp milli nagyşlar, häzirki zaman düşündirişleri we dokma senagatynda innowasion tehnologiýalar.
Podium ýyldyzlary: gatnaşyjylaryň gysgaça beýany
• Marianna Miçeli (Italiýa) — nusgawy italýan däplerini awangard pikirler bilen utgaşdyrmagy başaran dizaýner. Onuñ kolleksiýasy aýratyn nepisligi we döredijiligi bipen tapawutlanýar, “Mad Mood Milano” brendi bolsa häzirki zaman italýan stiliniň nyşany bolup durýar.
• Omar Mansur (Beýik Britaniýa) — özünde Gündogar äheňini ýewropa kaşañlygy bilen sazlaşdyrýan durnukly we nepis agşam eşikleri bilen tanalýar. Onuň işleri däp-dessur bilen döwrebaplygyň sazlaşygynyň nusgasydyr.
• Heýden Ng (Singapur) — binagär we dizaýner, arassa çyzyklar we arhitektura şekilleri arkaly kolleksiýalaryny döredýär, onuñ stili Aziýa täsirini we dokma senagatyna hem-de moda innowasion çemeleşmäni şöhlelendirýär.
• Miss Pearl Couture (Niderlandlar) — Ýewropa nepisligini batyrgaýlyk we aýdyñlyk bilen sazlaşdyrýan brend. Olaryñ kolleksiýalary baý dokumaly we şahsyýetiňi görkezmäge gönükdirilendir.
• Aýdarhan Kaliýew (Gazagystan) — gazak däplerini häzirki zaman modasyna girizip, onuñ işleri özboluşly dokma düzümi we medeni manysynyñ çuňlygy bilen tapawutlanýar.
• ANKITA CHAUDHRY SAAJ BY ANKITA (Hindistan) — baý senetçilik mirasyny häzirki zaman tendensiýalary bilen sazlaýar. Olaryñ dizaýny — reňk, gurluş we inçe jikme-jiklikleriň oýny.
• Pulatžon Ýuldaşew we “MARGILAN SILK VATS” (Özbegistan) — özbek ýüpeginiñ we ýokary hiliň nyşany. Olaryň kolleksiýalary ajaýyp nagyşlar we häzirki zamana laýyklykda döwrebaplaşdyrylan däp tehnikalary bilen tanalýar.
• Aziz Murtazaýew — milli senetçilik däplerini gorap saklaýan ussat. Onuň işleri diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem milli mirasa bolan çuňňur hormaty bilen bellidir.
Guramaçylar - Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we halkara sergileri guramakda uly tejribesi bolan “Türkmen Ekspo” kompaniýasy bu çärede ýokary derejeli guramaçylyk işlerini alyp barýar. TurkmenTextile Expo-2025 ýurduň dokma senagatynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny görkezýär we Türkmenistanyñ moda innowasiýalarynyň we medeni gepleşikleriň merkezi hökmündäki ornuny berkidýär.
Bu moda we innowasiýanyň täsin sazlaşygynyň şaýady bolmak mümkinçiligiňiz! TurkmenTextile Expo-2025 sergisine gelip, ertirki günüň modasynyň nähili döredilýändigini gözüňiz bilen görüň we halkara medeni alyş-çalşygyň bir bölegi boluň!
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 71 87 18 12 / +993 63 71 95 88
Email: contact@turkmenexpo.com
Serginiñ saýty: https://turkmentextile.turkmenexpo.com/