Iň täze habarlar

Polşada prezident saýlawlarynyñ ikinji tapgyry tamamlandy

02.06.2025 | 17:00 |
 Polşada prezident saýlawlarynyñ ikinji tapgyry tamamlandy

Polşada ýekşenbe güni geçirilen prezident saýlawlarynyñ ikinji tapgyrynda sesler sanaldy. Onda "Hukuk we adalatlylyk" konserwatiw partiýasy tarapyndan teklip edilen 42 ýaşly taryhçy Karol Nawroskiý ýeñiş gazandy.

Döwlet saýlaw komitetiniñ resmi maglumatlaryna laýyklykda, Nawroskiý 50,9% sese eýe bolup, 49,1% ses gazanan özüniñ esasy garşydaşy bolan Warşawanyñ häkimi we häkimlik edýän birleşigiñ wekili Rafal Tşaskowskiden öñe geçdi. Dalaşgärleriñ arasyndaky tapawut iki göterimden az boldy.

Saýlawçylar ýokary derejede saýlawlara gatnaşdy - ikinji tapgyrda hasaba alnan raýatlaryñ 72,8% ses berdi.

ORIENT

Foto: dw.com

Şeýle hem okaň: