Iň täze habarlar

TurkmenTextile Expo-2025: Türkmen dizaýnerleri dünýäniň meşhur moda ussatlary bilen duşuşar

01.06.2025 | 20:19 |
 TurkmenTextile Expo-2025: Türkmen dizaýnerleri dünýäniň meşhur moda ussatlary bilen duşuşar

Medeniýetiň we ýokary modanyň ajaýyp sazlaşygyna taýyn boluň! 11–13-nji iýun aralygynda Aşgabat moda merkezine öwrülip, bu ýerde TurkmenTextile Expo-2025 halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu diňe bir sergi däl — bu ruhubelent sungatyň baýramçylygydyr, bu ýerde öňdebaryjy türkmen dizaýnerleriniň döredijilikleri dünýäniň meşhur moda ýyldyzlary bilen bilelikde podiumda görkeziler. Bu baýramçylyk sizi däpler, innowasiýalar we öň görlüp-eşidilmedik stil syýahatyna alyp gider.

Podium — taryhyñ janlanýan ýeri

TurkmenTextile Expo-2025-de siz diňe bir kolleksiýalary görmersiňiz — siz sungata dokalan taryhy duýarsyňyz. Dizaýnerler baý türkmen medeni mirasyny häzirki zaman estetikasy bilen sazlaşykly utgaşdyryp, modany täzeden kesgitleýärler. Olaryň işleri däpleri gaýtalamak bilen çäklenmän, olary täzeden janlandyryp, mirasy ýaşaýşa öwürýär.

Sizi haýran galdyrjak işleri biprn tanyşyñ:

1

Dokma senagaty ministrliginiň “MIRAS” Modalar öýi: geljegiň döwlet tikin senagatynyň öňbaşçysy hökmünde häzirki zaman görnüşleri bilen taryhy nyşanlara çuňňur hormaty sazlaşdyrýar.

2

AÝNA DURDYLYÝEWA (“Mähirli Zenan” Modalar öýi): türkmen zenanlarynyň däp bolan lybaslaryna çyn ýürekden hormaty görkezýän el bilen taýýarlanan eserler. Her bir lybas — 2022-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen türkmen nagyş sungatyny wasp edýär.

3

GÖWHER GUWERNE: Gowher Pirgulyýewa-Guwerne türkmen nagyşlaryny Parižiň kaşañ stiline sazlap, “Vogue”, “Elle” we “Harper’s Bazaar” ýaly žurnallarda bellenilen ajaýyp moda gepleşigini döredýär.

4

GOÇ ÝIGIT: Şalar Rahimow öz “Oguzlar” kolleksiýasynda milli erkek stilini täzeçe pikirlenip döredýär. Ol gadymy taýpa taryhyny häzirki zaman bilen utgaşdyryp, Akon we Sergeý Lazarew ýaly ýyldyzlaryň ünsüni çekdi.

5

AINA SARI: türkmen nyşanlaryny häzirki zaman şekilleri bilen inçe utgaşdyryp, medeni kodlara baý, ynamly dizaýnly we geýmäge laýyk sungaty döredýär.

6

CHYNAR COUTURE: çunlugyñ we nepisligiñ sazlaşygy. Her bir aýratynlyk — inçe nagyşdan tä täsirli makiýaža çenli — çuňňur mazmuna eýedir. Moda bu ýerde filosofiýa öwrülýär.

7

JENNET AGAÝEWA: onuň kolleksiýalary türkmen lybaslaryna täzeçe garaýyşdyr. Bu diňe gaýtadan dikeltme däl — bu täzeden pikirleniş. Her bir keşp bir taryhy gürrüñdir, her bir mata ýaşaýyşdyr.

8

LN_ROOM: Läle Nepesowanyň “Ýyldyz Nyşanlary” kolleksiýasy Milanda bellendi. Bu işler baý manysy bolan moda döredýär — nepislik we arhetip gürrüňleriniň sazlaşygydyr.

9

DANA PERI (Dana Hojamgulyýewa): onuň işleri milli öwüşgin bilen baý, döwrebap garaýyş bilen utgaşyp, sungaty adamlaryň gündelik durmuşyna getirýär.

10

BINAÝM (Umida Kadyrowa we Olga Serikowa): döwrebap türkmen zenanynyň keşbini janlandyrýan batyrgaý çykyş. Ol zenan köklerine hormat goýýar, emma häzirki zaman bilen ýaşaýar.

11

SÜLGÜN BATYROWA: ol diňe geýim däl, eýsem eýesiniň şahsyýetini we gözelligini görkezýän sungat eserlerini döretmegi maksat edinýär.

12

MUKADDES IBRAGIMOWA: döredijilikli garaýyş, kämil biçüw we öňdebaryjy tikin tehnologiýalaryny birleşdirip, çylşyrymly gurluşlara we adaty däl çözgütlere bolan söýgüsini görkezýär.

Lybaslardan başga-da, sungatdan hem lezzet alyň:

13

MIRASLY SENET: “Kerweniň syýahaty” taslamasynyñ çäginde Ýüpek ýolunyň senetleri täzeden dikeldilýär. Özbegistanly we Gazagystanly dizaýnerler bilen hyzmatdaşlykda bu taslama dokma we biçüw arkaly medeni köpri döredýär.

14

DUMAN JEWELRY: her bir bezeg — bir hekaýa, her bir şekil — bir duýgy. Nusgawy gözellikden awangarda çenli, olaryň şaý-sepleri islendik keşbiň mazmunyny güýçlendirýär.

Näme üçin bu çärä barmalysyñyz?

Bu türkmen modasynyň dynuwsyz hereketde, ajaýyp energiýa we özboluşlylygy bilen dünýä tomaşaçylarynyň öňünde açylýan pursadydyr. Bu milli stiliň täze ugurlaryny açýan dizaýnerler üçin möhüm platforma. Bu diňe bir sergi däl — bu medeniýetleriň, senetçiligiň, dokmanyň we innowasiýa pikirleriň arasynda bolup geçýän möhüm gepleşik bolup, pudagyň geljegini üýtgedip biljek çäredir.

TurkmenTextile Expo-2025 — bu hakyky sazlaşygyň giňişligi: däp bilen awangardyň, suratkeş bilen tomaşaçynyň, Türkmenistanyň we dünýäniň arasynda gurlan köpri.

Guramaçylar - Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we halkara sergileriň ygtybarly guramaçysy hökmünde tanalýan TurkmenExpo kompaniýasy. Bu guramalaryň goldawy bilen sergi sebitdäki iň ähmiýetli moda çäresi bolmagyna wada berýär. Gelip, bu ýatdan çykmajak tejribäniň bir bölegi boluň!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 71 87 18 12 / +993 63 71 95 88

Email: contact@turkmenexpo.com

Sergi sahypasy: https://turkmentextile.turkmenexpo.com/

Foto: turkmenexpo.com

Şeýle hem okaň: