Maý aýy boýunça dünýäniñ iñ gymmatlan harytlary belli boldy
03.06.2025 | 09:30 |Maý aýynda maýa goýumlar üçin iñ amatly harytlar kakao däneleri we platina, iñ ýitgili bolsa kofe bilen litiý boldy. Bu maglumatlary ICE Futures, CME Group hem-de Şanhaýyñ metallar biržasyna salgylanyp, РИА Новости seljerip berýär.
Şeýlelikde, şokolady taýýarlamak üçin gerekli bolan kakao däneleriniñ bahalary maý aýynda 11% ýokarlandy. Beýleki oba hojalyk önümleriñ arasynda pyrtykal miwe suwynyñ (+7,9%), tüwiniñ we süläniñ (hersi +2,9%) nyrhlary ýokarlandy. Metallaryñ arasynda iñ gymmat we ähli harytlaryñ arasynda bahasy ýokary galan ikinji haryt bolup platina boldy. Maý aýynda dünýä biržalarynda onuñ bahasy 9,2% artdy.
Şeýle hem, galaýy 5,2% we mis 3,1% ýokarlandy. Altyn bolsa geçen aýlar ýeten nyrhyny biraz ýitirip, bary-ýogy 2,9% ýokary galdy. Energetika pudagynda ýaýbañlanan energiýa göterijileriniñ arasynda kömür (aýda 8,2%), Ýewropada gaz (5,5%) we uran (5,4%) oñaýly ösüş depginini görkezdi.
Ähli harytlaryñ arasynda kofe bahalary pese düşdi: robustu nyrhy 13,2%, arabika bolsa 11% pese düşdi. Iñ arzanlan harytlaryñ üçlügine litiý girip, bir aýda 9,2% möçberde öz bahasyny ýitirdi.
ORIENT