Gazagystanda ýük ulaglarynyñ hereketine tomusky çäklendirmeler giriziler
03.06.2025 | 11:45 |1-nji iýundan başlap Gazagystanda ýük ulaglarynyň hereketine tomusky çäklendirmeler girizilýär.
Bu çäklendirmeler ýurduň günorta we günbatar sebitlerinde 1-nji iýundan 31-nji awgusta çenli, demirgazyk we gündogar sebitlerinde bolsa 1-nji iýundan 15-nji awgusta çenli hereket eder.
Çäklendirmeler gündiz wagtynda howanyň temperaturasy +25 gradusdan ýokary bolan ýagdaýynda hereket eder. Şeýle çäreleriň girizilmeginiň esasy sebäbi – ýollaryň ýüzüniň zaýalanmagynyň öňüni almakdyr.
Tomusky yssy döwürde asfalt ýokary agramyň täsirinde deformasiýa (egrilik, ýaryk) duçar bolup, ýollarda çukurlar we tigir yzy ýaly zeperler peýda bolup biler.
ORIENT