Türkmenistanda Gurban baýramynda howa maglumaty
02.06.2025 | 13:25 |Türkmenistanda tomsuň ilkinji günleri howa derejesiniň birbada ýokary galmagy bilen başlandy – käbir welaýatlarda ol +40...+41º çenli ýokalandy. Şeýle yssy howa maý aýynyň ahyrynda bolan mylaýym howa bilen deňeşdirilende has ýiti duýuldy.
Emma, howa hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, eýýäm ýakyn günlerde ýurdumyzda howa derejesiniň pese düşmegine garaşylýar. Yssy howa sişenbe gününe çenli dowam edip, ondan soňra belli bir derejede pese düşer. Hepdäniň ortalaryndan, ýagny çarşenbe gününden başlap, paýtagtymyzda hem-de welaýatlaryň köpüsinde howa derejesi +33...+35º çenli aşak düşer.
Gurban baýramy bellenilýän günlerde, ýagny anna, şenbe, ýekşenbe günlerinde howa şertleri ep-esli derejede rahat bolar. Deslapky çaklamalara görä, şol günlerde gije-gündiziň ortaça howa derejesi +29-dan +34º çenli bolar.
Şeýlelikde, baýramçylyk günler ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny diňe bir dabaraly ýagdaý bilen däl-de, eýsem ýakymly howa şertleri bilen begendirer.
ORIENT