Türkmen şahyrlary Gyrgyzystanda halkara baýragyna mynasyp boldylar
02.06.2025 | 11:00 |Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde geçirilen we takmynan 50 gatnaşyjyny ýygnan türki dünýäsiniň şygyryýeti boýunça halkara “Žaşyl aalam” atly bäsleşik-festiwalynda iki ýaş türkmen şahyry Muhammet Bekgiew we Dañatar Galpakow ýeňiji boldy.
“Türkmenistan” gazetiniň jogapkär sekretary Muhammet Bekgiew we “Nesil” gazetiniň bölüm müdiri Dañatar Galpakow festiwalyň eminler toparynyň karary bilen Žolon Mamytow adyndaky halkara medaly bilen sylaglandy.
Çäräniň çäginde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gyrgyz diline terjimesiniň terjimeçisi bilen duşuşyk hem-de ylmy maslahat geçirildi. Festiwalda Magtymgulynyň goşgulary türkmen we gyrgyz dillerinde okaldy, bu bolsa iki halkyň baý medeni we edebi gatnaşyklaryny açyp görkezdi.
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyşynda türkmen edebiýatynyň çuňlugyny we häzirki zaman bilen baglanyşygyny belläp geçdi. Ol Magtymgulynyň eserleriniň parahatçylyk, doganlyk we halklaryň agzybirligi ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny beýan edýändigini nygtady. Raýew bu ynsanperwer ýörelgeleriniñ Türkmenistanyň daşary syýasat ugry bilen sazlaşýandygyny aýdyp, olaryň umumy adamzat gymmatlyklary bilen utgaşýandygyny belledi.
“Žaşyl aalam” festiwaly türi dünýäsinde edebi hyzmatdaşlygy we özara düşünmegi ösdürmäge gönükdirilen medeni meýdança hökmünde geçirilýär.
ORIENT