Aşgabatda hindi tans we aýdym-saz toparynyň konserti geçiriler
29.05.2025 | 12:10 |Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde hindi tans we aýdym-saz konsertini guraýar. Bu ajaýyp çäre 2-nji iýunda, duşenbe güni Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde geçiriler.
Sahnada jenap Sukhwinder Singhiň ýolbaşçylygyndaky hindi topary çykyş eder. Ol tomaşaçylary Hindistanyň milli aýdym-saz we tans sungaty bilen tanyşdyrar.
Konsert sagat 15:00-dan 16:00-a çenli dowam eder. Zala giriş sagat 14:45 ýapylar, şonuň üçin hem guramaçylar çärä wagtynda gelmegi maslahat berýärler.
Çärä giriş mugt. Ýerler yzygiderli nobat tertibinde beriler.
ORIENT