Iň täze habarlar

Belarus türkmen gök önümlerini, miwelerini we polipropilen gaplama örtügini satyn alyp başlar

29.05.2025 | 13:30 |
 Belarus türkmen gök önümlerini, miwelerini we polipropilen gaplama örtügini satyn alyp başlar

Türkmenistan we Belarus belarus tarapyna ýokary hilli täze gök önümleriniň we miweleriň, şeýle hem polipropilen gaplama örtüginiň geçirilmegi barada ylalaşdylar. Degişli şertnamalar belarus kärhanalarynyň Aşgabada amala aşyran işewürlik saparlarynyň netijeleri boýunça baglaşyldy.

Gepleşikler 23-27-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp guralan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV Halkara köpugurly serginiň dowamynda geçirildi. Duşuşyklaryň guramaçylary bolup türkmen hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölümçesi we Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy çykyş etdi.

Şeýle hem, belarus tarapynyň press-formalary ulanmak bilen ýörite plastik önümleriň önümçiligi boýunça Türkmenistanda sargydyň ýerleşdirilmegi barada maslahatlaşylýar. Bu ädim ýurtlaryň arasyndaky senagat kooperasiýasynyň we tehnologiki hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup biler.

Belarus wekiliýetiniň düzümine türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga isleg bildirýän bäş sany kärhananyň ýolbaşçylary girdi. Saparyň maksatnamasy sergä gatnaşmagy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary, şeýle hem ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalaryna, şol sanda gurluşyk materiallaryň, gaplama örtügiň önümçiligi bilen baglanyşykly kärhanalara we ýyladyşhana toplumlaryna baryp görmegi öz içine aldy.

Geçirilen sergi we gepleşik Türkmenistanda belarus tehnologiýalaryna we önümlerine bolan ýokary gyzyklanma barada şaýatlyk edip, türkmen eksporty üçin täze ýollary açdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: