Türkmen artistlerine Dagystanda geçiriljek “Daglylar” halkara festiwalynda garaşylýar
25.05.2025 | 02:48 |Türkmenistandan döredijilik topary 11-16-njy iýun aralygynda Dagystan Respublikasynda (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek “Daglylar” atly XXIII falkýor we däp-dessurlar medeni halkara festiwalyna gatnaşar. Bu barada Dagystanyň Hökümetiniň festiwalyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan ýygnagynda mälim boldy. Festiwala Türkmenistandan barjak topar bilen birlikde Belarusyň, Özbegistanyň, Günorta Osetiýanyň we Russiýanyň ýigrimi gowrak sebitiniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
“Daglylar” festiwalynyň çäreleri Derbent, Gyzylýurt, Kaspiýsk, Hasawýurt we Dagystanyň birnäçe etraplarynda dürli ýerlerde geçiriler. Maksatnama gala konsertlerini, halk aýdymlarynyň we tanslarynyň festiwallaryny, aýdym-saz, milli zylaslary, halk senetleri we awçylygy öz içine alýar.
“Daglylar” festiwaly adatça köpmilletli medeni baýlygy görkezmek we halkara medeni alyş-çalşy pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen toparynyň gatnaşmagy festiwalyň medeni köpdürlüligine möhüm goşant goşar we tomaşaçylara Türkmenistanyň däp bolan sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
ORIENT