Samsung äleme tarap: çiplerden kosmodromlara çenli
22.05.2025 | 11:05 |Günorta Koreýanyň ägirdi Samsung Group kosmos senagatyna işjeň ýagdaýda girişýär. NASA-nyň Artemis II missiýasynyñ çäklerinde öz täze ýarymgeçirijilerini Ýeriň golaýyndaky orbitada synagdan geçirmek bilen çäklenmän, onuň düzümindäki Samsung C&T Corp. golçur kompaniýasy raketalaryň uçurylmagy üçin niýetlenen toplumly «kosmos zawodyny» döretmek ugrunda iş alyp barýar. Bu maksatda Samsung Seulyñ Milli Uniwersiteti bilen gepleşikleri geçirýär — bu bolsa olaryň niýetleriniň hakykylygyny görkezýär. Bu ädim, Günorta Koreýanyň ýarymgeçirijiler we atom energiýasy önümçiligi boýunça tejribesini peýdalanyp biljek täze ösüş ugruny — kosmos infrastrukturasynyň bazaryny möhüm ösüş hereketlendirijisi hökmünde görýändigini görkezýär.
Dünýäniň kosmos bazary çalt depginde ösýär we çaklamalara görä, indiki onýyllygyň dowamynda onuň möçberi 1 trillion dollara ýetip biler. Kosmos enjamlaryny uçurmak hyzmatlary bazary bolsa 2019-njy ýyldan bäri ýylda 10% ýokarlanýar. Günorta Koreýa, esasan hem, uçurylyş infrastrukturasyny we kosmos enjamlarynyň önümçiligini ösdürmekde ünsi jemläp, öňdebaryjylaryñ biri bolmak isleýär. Bu ugurda ol Taýwan, Beýik Britaniýa, Şwesiýa we Norwegiýa ýaly öz kosmodromlaryny gurýan ýurtlar bilen bäsleşýär.
Bäsdeşlige garamazdan, hünärmenler Günorta Koreýanyň çylşyrymly desgalary gurmakda toplan tejribesi sebäpli start meýdançalaryny döretmekde artykmaçlyga eýedigini belleýärler. Samsung Venture Investment Co. eýýäm Silikon jülgesindäki Loft Orbital atly başlangyç taslama maýa goýdy. Bu kompaniýanyň müşderileri Microsoft, NASA we Ýewropanyñ Kosmos agentligi ýaly giň gerimli guramalardyr. Bu ýagdaý Samsung-yň kosmos senagatyna düýpli we toplumlaýyn çemeleşýändigini, şol bir wagtyñ özünde infrastruktura we innowasion tehnologiýalara maýa goýýandygyny görkezýär. Munuň ählisi Samsung-yň çalt ösýän dünýä kosmos bazarynda möhüm oýunçy bolmaga çalyşýandygyny tassyklaýar.
ORIENT