Iň täze habarlar

Halkara talyp teatrlarynyň festiwaly türki halklarynyň ýaşlaryny birleşdirdi

23.05.2025 | 18:40 |
 Halkara talyp teatrlarynyň festiwaly türki halklarynyň ýaşlaryny birleşdirdi

Almaty şäherinde «Tyrki Dünýäsi» atly III Halkara talyp teatrlarynyň festiwaly öz işini tamamlady. Festiwala Azerbaýjan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden döredijilikli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan, ýaş aktýorlardan we režissýorlardan ybarat 100-den gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan bu foruma gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp teatrynyň döredijilik topary üstünlikli çykyş edip, «Iň gowy aýal keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy.

Festiwalyň maksatnamasyna diňe bir ýaş aktýorlaryň sahna eserleri däl, eýsem teatr sungatynyň tanymal wekilleriniň geçiren ussatlyk sapaklary hem girýär. TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň bellemegine görä, bu festiwal ýaş zehinleriň hünär taýdan ösmegine uly itergi berer. Festiwalyň maksady — türk dünýäsiniň geljegi hasaplanýan ýaşlary birleşdirmekden, olara goldaw bermekden, ruhlandyrmakdan we geljekki teatr sungatynyñ işgärleri üçin mümkinçilik döretmekden ybarat.

Çärä gatnaşan ýurtlaryň döredijilik ýokary okuw mekdepleri tomaşaçylar üçin täze sahna eserlerini we eýýäm nusgawy eserlere öwrülen sahna oýunlaryny hödürlediler. Her ýurt bir sahna eseri bilen çykyş etdi. Türki dünýäsiniň talyp teatrlarynyň halkara festiwaly, Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň goldawy bilen geçirilýär.

ORIENT

Foto: medeniyet.gov.tm

Şeýle hem okaň: