Iň täze habarlar

Türkmenistanda Italiýanyñ nusgawy eserleri: Aşgabatda Ennio Morrikoneniñ sazlary ýañlanar

20.05.2025 | 15:32 |
 Türkmenistanda Italiýanyñ nusgawy eserleri: Aşgabatda Ennio Morrikoneniñ sazlary ýañlanar

Iýunyň 3-ne Italiýa Respublikasynyň gününiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda «Ennio Morrikoneni ýatlamak — Nello Saltsa Türkmenistanda» atly konsert geçiriler.

Bu çäre meşhur italýan kompozitory Ennio Morrikoneniñ aradan çykanyna bäş ýyl dolmagy mynasybetli geçirilýär. Şol agşam Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda maestronyň saýlanyp alnan eserleri ýaňlanar. Olary belli italýan truba çalyjysy Nello Saltsa, dirižýor Resul Gylyjowyñ ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň simfoniki orkestri hem-de solist Bahar Durdyýewa ýerine ýetirer.

Konsert sişenbe güni, 3-nji iýunda sagat 19:00-da başlanýar. Giriş erkin. Mugt biletleri teatryň kassasyndan alyp bolýar.

ORIENT

Foto: orchestra47.ru

Şeýle hem okaň: