Iň täze habarlar

Poçta, täzelikler, kino we döwlet hyzmatlary: Sanly.tm mümkinçiliklerini açyñ

20.05.2025 | 10:30 |
 Poçta, täzelikler, kino we döwlet hyzmatlary: Sanly.tm mümkinçiliklerini açyñ

Türkmenistanda sanly infrastruktura ösmegi dowam etdirip, raýatlar we edaralar üçin amatly onlaýn-gurşawlary döredýär. Bu ugurda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyñ hünärmenleri tarapyndan işläp düzülen Sanly.tm milli sanly portaly möhüm ädimleriñ biri boldy.

Sanly.tm portaly bu köpugurly onlaýn-platforma bolup, aşakdaky peýdaly hyzmatlaryñ birnäçesini özünde jemleýär:

– ekektron poçta;

– senenama;

– gözleg ulgamy;

– poçta arkaly çat;

– soñky täzelikler;

– howa maglumaty. 1 Portal türkmen we rus dillerinde elýeterli bolup, milli äheñde bezelen. Bu bolsa giñ ulanyjylar köpçüligi üçin ony amatly edýär.

Hemmeler üçin elektron poçta

Her bir Internet ulanyjy portalda mugt hasabat ulgamyny döredip, Sanly.tm-da şahsy poçta gutysyny alyp biler. Elektron poçta üçin berilýän ýat möçberi 2 Gb deñ, şeýle hem çäklendirilmedik bukja sanyny dörermek wezipesi hem elýeterlidir. Bu hem hat alyşygy amatly ýagdaýda gurnamaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýalar üçin korporatiw poçtasy

Portalda korporatiw elektron poçtasyna aýratyn üns berilen. Ol ýörite kiçi telekeçilikden iri kompaniýalara çenli ýaly ýuridiki şahslar üçin işläp taýýarlandy. Bu hyzmat işgärlere bitewi goragly gurşawda işlemäge, wezipeleri meýilleşdirmäge hem-de iş prosesini guramaga mümkinçilik döredýär. Hasaba alnandan soñra her bir işgär çeýe sazlamalar ulgamy bolan elektron poçtasynyñ şahsy salgysyny alýar.

Sanly mümkinçilikler bir ýerde

Sanly.tm portalynda ulanyjylar ýurduñ beýleki möhüm sanly platformalaryna çalt gecip bilýärler:

  • e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna;

  • Belet Video we Belet Film onlaýn-kinoteatryna;

  • Türkmenistanyñ internet-dükanlaryna.

Ornaşdyrylan täzelikler ulgamy arkaly ulanyjylar ýurtda we onuñ daşynda bolup geçýän wakalardan habarlydyr.

Iş prosesiniñ gowulandyrylmagy

Sanly.tm platformasy gündelik işewürlik-prosesleri awtomatlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu bolsa wagty ep-esli derejede tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Munuñ özi portaly hem hususy şahslar, hem-de netijeli sanly transformasiýa isleg bildirýän edaralar üçin möhüm gurala öwürýär.

Sanly.tm milli portaly bu Türkmenistanyñ döwrebap, howpsuz we amatly sanly geljegine tarap ädimdir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: