Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
15.05.2025 | 17:10 |2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň çalt depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda özara Medeniýet günleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem, Ilçi 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň meýilleşdirilýändigini belledi. Ol Ilçihananyň şeýle hem bu senelere bagyşlanan dürli çäreleri Gruziýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ilçi, şeýle hem 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamany goldaýandygy we awtordaş çykyş edendigi üçin Gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Halkara parahatçylyk we yananyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri Türkmenistanda we Gruziýada bilelikde geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
G.Mirshulawa iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini belläp, mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
ORIENT