Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niñ ýolbaşçylary TOPH turbageçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar

09.05.2025 | 01:40 |
 Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niñ ýolbaşçylary TOPH turbageçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, sebitdäki esasy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde onlaýn gepleşik geçirdiler.

Owganystanyň DIM-niň beýannamasynda taraplaryň iki ýurduň arasynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýollaryny öwrenendigi bellenilýär. Gepleşikleriň çäginde diplomatik hyzmatdaşlyk we bilelikdäki başlangyçlaryny, aýratyn-da, türkmen tebigy gazyny Owganystanyñ üsti bilen Pakistan we Hindistana geçirmäge niýetlenen TOPH turbageçirijisini ilerletmek imeseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Muttaki iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “ozalkylardan has berk” diýip häsiýetlendirdi we häzirki sebit ýagdaýynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine amatly şert döredýändigini aýtdy. Ol Talyban tarapyndan sebit ösüş taslamalaryna ygrarlylyk görkezilýändigini tassyklady.

Metbugat beýanatyna görä, ministr Meredow TOPH taslamasy bilen baglanyşykly soňky wakalary makullady we Türkmenistanyň demir ýol gurluşygy, söwda hem-de sebitleýin üstaşyr geçirmeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky meýilnamalaryny beýan etdi. Şeýle hem, ol ýakyn geljekde owgan söwdagärleri üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdiriljekdigini aýtdy.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri ýokary derejeli maslahatlaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar. Bu gepleşikler TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga, demir ýol ulag gatnawlarynyñ giňeldilmegine, elektrik energiýasynyň geçirilmeginiň gowulandyrylmagyna we umumy ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdiriler.

ORIENT

Foto: Reşid Meredowyň 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Amir Han Muttaki bilen duşuşygy (mfa.gov.tm)

Şeýle hem okaň: