Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah önümleri we arassalanan galyndylar satyn alyndy

01.06.2025 | 16:44 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah önümleri we arassalanan galyndylar satyn alyndy

Maý aýynyň 31-ne, şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri, ýeňil senagat harytlary we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Türkiýeli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah önümlerini we arassalanan galyndylary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly esas ýagyny satyn aldylar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar “SEM I 32,5 N” we “SEM II A-I 32,5 N" kysymly portlandsementiň görnüşlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 41 350 000,00 manada we 308 000,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: