Iň täze habarlar

Vivo USB-C kabeli bilen enjamlaşdyrylan 33 wattlyk tiz zarýadly Power Banky öndürdi

31.05.2025 | 18:29 |
 Vivo USB-C kabeli bilen enjamlaşdyrylan 33 wattlyk tiz zarýadly Power Banky öndürdi

Vivo resmi taýdan täze 33 wattlyk daşarky batareýasy bilen — Power Banky — tanyşdyrdy. Enjam 10 000 mA/sag göwrümli litiý-polimer batareýa bilen üpjün edilendir we inçe hem ýeňil daşky gaby bilen tapawutlanýar (galyňlygy bary-ýogy 15 mm, agramy bolsa 177 gram).

Täze Vivo 33W Power Bank birnäçe tiz zarýad protokollaryny goldaýar: FlashCharge 33 W, PD 22,5 W, QC 18 W we PPS 33 W. Bu bolsa Apple we Android smartfonlary, planşetleri, akylly sagatlary we oýun konsollary bilen giň utgaşyklygy üpjün edýär. Öndüriji enjamyň iPhone 16 modeline bary-ýogy 30 minutda 58%-e, Vivo S30 modeline bolsa 36%-e çenli zarýad berip bilýändigini belleýär.

Täze Power Bankyň aýratynlygy — ýeňil, çeýe dokalan materialdan taýýarlanan, L şekilli ujy bolan USB-C kabeliniň gurluşa ýerleşdirilmegidir.

Enjamyň howpsuzlygy birnäçe gorag ulgamy bilen üpjün edilendir: artykmaç dartgynlylykdan, tok ýüklenmesinden, artykmaç zarýadlamadan, gysga utgaşykdan we elektrostatiki razrýaddan gorag. Şeýle hem, bu Power Bank uçuşda ulanmak üçin hopwsuz hasaplanýar we Hytaýyň “Täze milli standartyna” laýyklykda sertifikatlandyrylandyr.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: