Iň täze habarlar

Bişkek şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi

02.06.2025 | 13:10 |
 Bişkek şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi

31-nji maýda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi. Bu sene, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen döredilen halkara senedir.

Agzalan çärä döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Gyrgyz Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2

Welosiped ýörişiniň başynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşyjylara ýüzlenip, bu çäräniň dost-doganlyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçýändigini belläp, Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady.

1

Çykyşda, Bütindünýä welosiped gününiň durnukly ösüşiň, agzybirligiň we halkara hyzmatdaşlygynyň nyşany hökmünde aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle hem Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi.

3

Ilçi çykyşynyň dowamynda, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport işleri boýunça Döwlet agentligine, Bişkek şäheriniň häkimligine hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Welosiped sporty federasiýasyna geçirilen çäre boýunça bildirilen goldaw üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

4

Çäräniň gatnaşyjylary Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmek we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň jemgyýetiň saglygyny goramak we ekologiýa ulgamynda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň bolsa oňyn däbe öwrülendigi barada aýratyn bellendi.

5

ORIENT

Foto: Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: