Aprel aýynda dünýäniñ ilkinji hoşboý ysly smartfony bilen tanyşdyrylar
07.04.2025 | 08:50 |Ykjam tehnologiýalar ulgamynda özüniñ innowasiýalary bilen tanalýan Infinix kompaniýasy Note 50s 5G+ atly dünýäniñ ilkinji hoşboý ysly smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar.
Enjamyñ resmi tanyşdyrylyşy 18-nji aprelde geçiriler.
Täze smartfonyñ esasy aýratynlygy enjama hoşboý ys çykarmaga mümkinçilik berýän Energizing Scent-Tech tehnologiýasy bolar. Bu tehnologiýa smartfonyñ yzky panelindäki emeli derisinde işjeñ maddanyñ mikro kapsullaşdyrylmagyna esaslanýar. Ys beriji molekulalar kem-kemden çykarylyp, çala gelýän hoşboý ysy döreder. Işläp taýýarlaýjylaryñ aýtmagyna görä, bu ys ulanyjylarda närahatlyk döretmeli däl. Emma ysyñ, takmynan, alty aýyñ dowamynda saklanyp, soñra bolsa molekulalaryñ çykarylma prosesi dolulygyna tamamlanjakdygyny bellemeli. Smartfon üç reñkde elýeterli bolup, onuñ diñe Marine Drift Blue görnüşi hoşboý ysly bolar.
Bu giriziljek täzeçilik Infinix kompaniýasynyñ öz enjamlarynyñ dizaýninde we işleýşinde täzeçiliklere bolan ymtylyşyny açyp görkezýär.
ORIENT news