Iň täze habarlar

"Türkmentelekom" EAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri üçin hünärmeni çagyrmak

02.04.2025 | 13:30 |
 "Türkmentelekom" EAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri üçin hünärmeni çagyrmak

Eger-de siz Interneti, kabel teleýaýlymy we öý Interneti sazlamak boýunça meseläňizi özbaşdak çözüp bilmedik bolsaňyz, "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyñ saýtynda tehniki hünärmeni çagyrmak üçin sargydyñyzy goýup bilersiñiz.

Sargytda habarlaşmak üçin şahsy maglumatlaryñyzy, ýaşaýan salgyñyzy we meseläñiziñ gysgaça beýanyny görkezmeli.

Hyzmat duşenbe gününden anna güne çenli sagat 09:00-dan 18:00-a çenli elýeterlidir.

Tehniki hünärmeni çagyrmak üçin + 993 12 92-11-43 telefon belgisi boýunça hem jañ edip bilersiñiz.

Hyzmatdan hem fiziki, hem ýuridiki şahslar peýdalanyp biljegini bellemeli.

ORIENT news

Foto: telecom.tm

Şeýle hem okaň: