Iň täze habarlar

Samsung eplenilýän smartfonlar dünýäsinde düýpgöter özgeriş taýýarlady

31.03.2025 | 15:05 |
 Samsung eplenilýän smartfonlar dünýäsinde düýpgöter özgeriş taýýarlady

Samsung kompaniýasy täze enjamy bilen eplenilýän smartfonlar dünýäsinde düýpgöter özgeriş taýýarlaýar. Täze enjamyñ iki tarapa eplenmegiň ajaýyp mümkinçiligi bolar. Munuň özi ulanyjylara bildirişler we esasy wezipeler üçin häzirki zaman eplenilýän enjamlarda ulanylýan daşky ekranyň zerurlygy hökman däl diýmegi aňladýar.  

ABŞ-nyň Patent we haryt edarasy günorta koreýaly ägirdiň 360 gradusly şarnir gurally enjamyna patenti bermegi makullady.

Eplenen ýagdaýynda enjamda kameranyň modullarynyň aşagynda ýerleşen displeýiň çyzygy görner. Displeý çeýe polimerlerden we ýelimden ýasalan gatlaklaýyn gurluşly ýokary inçelikdäki aýna (UTG) bilen örtülen.

Samsung oz «Flex In & Out» atly meňzeş enjamyň konsepsiýasyny görkezipdi, emma täze patent geljekki söwda harytlary üçin esas bolup biler. Bu bolsa eplenilýän enjamlar we olaryň mümkinçilikleri baradaky düşünjeleri düýpgöter üýtgedip, ulanyjylara has çeýe we amatly çözgütleri hödürläp biler.

ORIENT news

Foto: pvsm.ru

Şeýle hem okaň: