Visa täze wise-prezidenti we Merkezi Aziýada sebit menejerini belledi
06.03.2025 | 15:20 |Visa kompaniýasy täze wise-prezidenti we Merkezi Aziýada sebit menejeri wezipesine Sanjar Süleýmanowyň bellenilmegi barada habar berdi. Täze wezipesinde Süleýmanow innowasion çözgütleriň we sanly tölegleriň ösüşi, şeýle hem Visa-nyň hyzmatdaşlary bilen, şol sanda banklar, söwda kärhanalary we kart saklaýjylary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin jogap berer.
Ozal Süleýmanow Ukrainada, Gruziýada, GDA ýurtlarynda we Günorta-Gündogar Ýewropada Visa Money Movement Solutions ugrunyň ýolbaşçy wezipesini eýeläp, sebitde innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna ýardam berdi. Sanjar Süleýmanow, Visa kompaniýasynyň wise-prezidenti, Merkezi Aziýada sebit menejeri:
- Bildirilen ynam üçin öz minnetdarlygymy aýdýaryn hem-de sebitimzde sanly tölegleri ösdürmegi maksat edinýärin. Merkezi Aziýa töleg tehnologiýalaryň we maliýe pudagynyň ewolýusiýasy çygrynda ajaýyp mümkinçiliklere eýedir. Toparymyz bilen bilelikde, biz innowasiýalary ornaşdyrmaga dowam edip, has çalt, amatly we howpsuz töleg çözgütlerini üpjün etmek bilen, nagt däl ykdysadyýetiň ösüşine ýardam bereris.
ORIENT news