Azerbaýjanyň syýahatçylyk baradaky resmi maglumat portaly işläp başlady
05.03.2025 | 11:00 |Azerbaýjanyň syýahatçylyk baradaky resmi maglumat portaly işläp başlady.
Web-çeşme ýurduň syýahatçylyk mümkinçililerini açyp görkezmek bilen, özüňiz üçin Azerbaýjany meşhur syýahatçylyk ugry hökmünde açmaga mümkinçilik berýär.
Portala girip, Azerbaýjana barmakçy bolan islendik adam, şu soraglara jogap tapyp biler – Azerbaýjanda nirelere barsaň bolar? Azerbaýjanda näme bilen meşgullanyp bolar? Öz islegleriňizi saýlap, siz Azerbaýjana syýahat üçin şahsy maslahatlary alyp bilersiňiz. Munuň üçin ýörite ölçeg çyzygy bar. Ol hem bu ýa-da beýleki teklibiň siziň üçin nähili derejede gyzykly boljagyny görkezýär.
Saýtda 2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçiriljek çäreleriň senenamasy hem ýerleşdirilen – ulanyja diňe degişli senesini saýlamak galýar, ulgamyň özi ýurtda bolan wagty baryp biljek çäräni çykaryp berýär.
Dag syýahatçylygy gowy görýänler üçin web-portalda aýratyn “Şahdag-2025” bölümçesi bar. Şahdag dag kurorty Azerbaýjandaky Gusar şäherinden 29 km uzaklykda ýerleşýär. Bu bölümçede 2025-nji ýylda Uly Kawkazyň gündogar bölegindäki dag belentliginde geçiriljek çäreler görkezilen.
Maglumat syýahatçylyk portaly bilen täze Azerbaýjany açyň!
ORIENT news