Iň täze habarlar

Ispaniýanyň täze ilçisi öz ýurdunyň işewür wekiliýeti bilen Aşgabada geldi

04.03.2025 | 20:40 |
 Ispaniýanyň täze ilçisi öz ýurdunyň işewür wekiliýeti bilen Aşgabada geldi

4-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ispaniýanyň täze ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. Şeýle hem ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.

Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygyny bellediler. Waskes we Gulmanowa Türkmenistanyň we Ispaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün öz ýurdunyň işewür wekiliýeti bilen Aşgabada gelen ilçi Waskes (oturýan ýeri Moskwa ş.) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy. Oba we suw hojalygy, ulag-logistika, şeýle hem medeni-ynsanperwer, bilim maksatnamalary hem-de ispan dilini öwrenmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Wekiliýetiň düzümine “Talgo”, “INDRA” we “AGRAGEX” ýaly 18 ispan kompaniýasynyň wekillerini girýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Ispaniýanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Türkmenistanda, Ermenistanda, Belarusda we Özbegistanda Ispaniýa Patyşalygyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

ORIENT

Foto: exteriores.gob.es

Şeýle hem okaň: