Iň täze habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasy Almatyda DÖM boýunça BMG-niň Sebit merkezini döretmek baradaky Kararnamany kabul etdi

05.03.2025 | 11:35 |
 BMG-niň Baş Assambleýasy Almatyda DÖM boýunça BMG-niň Sebit merkezini döretmek baradaky Kararnamany kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Almatyda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) boýunça BMG-niň Sebit merkezini döretmek baradaky Kararnamany kabul etdi.

Başlangyç Gazagystan tarapyndan öňe sürüldi hem-de 152 ýurt tarapyndan goldanyldy. Munuň özi bu taslamanyň wajyplygyny we derwaýyslylygyny açyp görkezýär. Merkez sebitde durnukly ösüşe gönükdirilen halkara tagallalary ugtaşdyrmak, şol sanda Owganystanyň ykdysady ösüşini we onuň halkara jemgyýetçiligine integrasiýasyny goldamak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Merkeziň döredilmegi BMG-niň global maksatlaryna hem laýyk gelip, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer.

ORIENT news

Foto: forbes.kz

Şeýle hem okaň: